Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:56 - Mukaddes Kitap

56 Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

56 Стефан: «Середиң, мен гөклериң ачыланыны ве Худайың сагында дуран Ынсан Оглуны гөрйәрин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:56
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Isa suwdan çykyp gelýärkä, asmanyň ýarylanyny we Mukaddes Ruhuň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Ähli halk suwa çümdürilip çykarylandan soň, Isa-da çümdürilip çykaryldy. Ol Hudaýa doga edýärkä, gökler açylyp,


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi.


Bu üç gezek gaýtalandy-da, saçak göz-açyp ýumasy salymda göge alyndy.


Şonda olar gulaklaryny ýapyp, hemmesi birden batly gygyryşyp, Stefanyň üstüne topuldylar.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Şondan soň gökde bir açyk gapyny gördüm. Ilkibaşda meniň bilen gepleşen, surnaýyň sesine meňzeýän ses maňa: «Ýokary çyk, Men saňa mundan soň bolmaly zatlary görkezeýin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ