Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:51 - Mukaddes Kitap

51 Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

51 Эй, бойнуёгынлар, диңлемек ислемейән текепбирлер! Сиз хем эдил ата-бабаларыңыз ялы, Мукаддес Руха хемише гаршы чыкярсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:51
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.


Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar.


Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.


Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.


Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm.


Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.


Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi.


Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.


Siziň kesirdigiňizi Men bilýändirin. Ýeňse damaryňyz demirdendir, maňlaýyňyz misdendir.


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar».


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


«Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.


Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden hiç bir sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişek Meniň mukaddes öýüme girmeli däldir.


Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.)


Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.


Emma öz ildeşine azar berýän adam ony itekläp: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?


Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.


Emma biziň ata-babalarymyz oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüp, ony ret etdiler we Müsüre dolanmaga maýyl boldular.


Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady.


Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!


Reb ýene-de maňa: „Men bu halkyň boýnuýogyndygyny gördüm.


Bilip goýuň: Hudaýyňyz Reb bu gowy ýurdy size dogruçyllygyňyz üçin berýän däldir, çünki siz boýnuýogyn halksyňyz.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ