Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:49 - Mukaddes Kitap

49 Reb, olara, ine, şeýle diýdi: „Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa nähili öý gurjaksyňyz siz?! Haýsy ýer dynçlyk mekanym bolar?!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

49 Реб, олара, ине, шейле дийди: „Гөклер Мениң тагтым, ер аягыма күрсүдир. Маңа нәхили өй гурҗаксыңыз сиз?! Хайсы ер дынчлык меканым болар?!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:49
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.


Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Gökden ant içýän, Hudaýyň tagtyndan hem, onda Oturandan hem ant içýändir.


Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ