Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:45 - Mukaddes Kitap

45 Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Соңра бу чадыр несилден-несле гечип, ата-бабаларымыза говушды. Ешуваның ёлбашчылыгында кесеки миллетлериң юрдуны эеләнлеринде, олар чадыры өзлери билен алып гитдилер. Чадыр Давут патышаның гүнлерине ченли шол ерде галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:45
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar Rebbiň Äht sandygyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler Rebbiň öýüne getirdiler.


Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky seždegähdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy.


Çünki Rebbiň Musa tarapyndan çölde gurlan çadyry hem-de ýakma gurbanlyk sypasy şol wagt Gibgondaky seždegähdedi.


Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.


Ýagşy sözler joşýar meniň kalbymdan, düzen şygyrlarymy patyşa aýdyp berýärin; dilim çalasyn ýazyjynyň galamy kimin.


Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela


Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi.


«Mowap ýurdundaky Ýerihonyň garşysyndaky Abarym daglarynyň biri bolan Nebo dagyna çyk. Ysraýyllara mülk edilip beriljek Kengan ýurduny gör.


Eger Ýeşuwa olary dynçlyk mekanyna ýetiren bolsady, onda Hudaý mundan soň başga gün barada söz açmazdy.


Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.


Reb siziň öňüňizden beýik we güýçli milletleri kowup çykardy, şu wagta çenli olaryň ýekejesi hem siziň öňüňizde durup bilmedi.


Biz bu ýere çozuş edenimizde, Reb bu ýerde ýaşaýan ähli amorlary biziň öňümizden kowup çykardy. Şonuň üçin biz hem Rebbe gulluk etjekdiris, sebäbi Ol biziň ýeke-täk Hudaýymyzdyr».


Hudaýyň öýüniň Şiloda bolan wagtynyň bütin dowamynda, Mika tarapyndan ýasalan sežde edilýän but şol ýerde saklandy.


Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ