Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:36 - Mukaddes Kitap

36 Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Муса ысрайыл халкыны Мүсүрден алып чыкды. Ол Мүсүрде, Гызыл деңизде ве чөлде кырк йыллап мугҗызалар, гудратлар хем аламатлар гөркезди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:36
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.


Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb – Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».


Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.


Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler.


Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.


Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň.


Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.


Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady.


Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan: „Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde, Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?


Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady.


Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň. Olaryň Meni çölde synaýşy ýaly doňýürek bolmaň.


Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de, ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler. Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim: „Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Olar Meniň şol ähtime sadyk bolmadylar, şonuň üçin Men olardan ýüz öwürdim. Muny Reb aýdýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ