Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:35 - Mukaddes Kitap

35 Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Ине, бу Муса: „Ким сени бизе хөкүмдар я-да казы эдип гойды?“ дийип, халкың инкәр эден Мусасыды. Худайың Өзи оны чалыда гөрнен перишдәниң үсти билен хөкүмдар хем халасгәр эдип ёллады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:35
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden atlar, söweş arabalary doňup galdylar.


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip,


Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.


Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi.


Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.


Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.


Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.


Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Musa şeýle diýipdi: „Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar. Onuň size aýtjak her bir sözüne gulak asyň.


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Aradan kyrk ýyl geçenden soň, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran çalynyň ortarasynda oňa bir perişde göründi.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Mesih görünmeýän Hudaýyň keşbidir, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur.


Hudaýyň perişdeler arkaly aýdan habary berk bolup, günä edenler ýa-da bitabyn bolanlar öz adalatly almytyny alýardylar.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ