Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 7:32 - Mukaddes Kitap

32 „Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“. Musa gorkusyndan titräp başlady we seretmäge ýürek etmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 „Мен сениң ата-бабаларың Ыбрайымың, Ысхагың ве Якубың Худайыдырын“. Муса горкусындан титрәп башлады ве серетмәге йүрек этмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 7:32
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi.


Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Ylýas muny eşidende, ýüzüni donuna büräp, daşary çykyp, gowagyň agzynda durdy. Ine, bir ses gelip, oňa: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýdi.


meni gorky, titreme gaplady, bütin bedenim sarsdy.


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi.


Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.


Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.


„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr».


Isanyň soragyna hiç kim jogap berip bilmedi. Şol günden başlap, Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


Musa ony görüp haýran galdy. Ol bu geň hadysany ýakynrak baryp görmekçi bolanda, Reb oňa şeýle seslendi:


Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ