Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Onuň aýdyşyna görä, nasyraly Isa bu mukaddes ybadathanany ýok etjekmiş, Musanyň bize beren urp-adatlaryny hem üýtgetjekmiş» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Онуң айдышына гөрә, насыралы Иса бу мукаддес ыбадатхананы ёк этҗекмиш, Мусаның бизе берен урп-адатларыны хем үйтгетҗекмиш» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 6:14
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Şonda Ýermeýa ähli ýolbaşçylara we tutuş halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu öý bilen şäher hakda ýaňky eşiden sözleriňizi pygamberlik etmegim üçin meni Reb ýollady.


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


«Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi.


«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


«Şeýle bir günler geler, şonda bu ýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdan hiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi.


Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz.


Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler.


Olaryň eşidişine görä, sen keseki milletleriň arasynda ýaşaýan ýahudylaryň hemmesine Musanyň kanunyndan dönmekligi, çagalaryny sünnetlemezligi, däp-dessurlara uýmazlygy öwredýärmişiň.


Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi.


Senem ýahudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden oňat baş çykarýarsyň ahyry. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.


Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym.


Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi.


Biz Isa Mesihe iman etmezden öň Mukaddes Kanunyň guludyk, gelejekki iman aýan bolýança, bu Kanunyň tussagydyk.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ