Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 5:42 - Mukaddes Kitap

42 Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 Олар хер гүн ыбадатхананың ховлусында ве адамларың өйлеринде халка өвретдилер. Исаның Месихдиги барадакы Хош Хабары дынгысыз вагыз этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 5:42
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men özümi öňküdenem has kiçeldip, mertebämi peseltjek. Emma seniň diýýän gyrnaklaryň meni şöhrata beslärler».


Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi.


Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Biz häzir size Hoş Habary yglan edýäris: Hudaý Isany ölümden direldip, Öz perzentleri bolan biziň üçin ata-babalarymyza beren wadasyny berjaý etdi. Bu hakda ikinji mezmurda şeýle ýazylan: „Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men saňa Ata boldum“.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.


Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.


Ýa Reb, olaryň haýbat atyşlaryny bir görsene! Indi Seniň Hoş Habaryňy batyrgaýlyk bilen aýtmaga biz gullaryňa güýç-gaýrat ber.


Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.


Filip-de Samariýanyň bir şäherine baryp, olara Mesih barada wagyz etdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Men siziň araňyzdakam, Isa Mesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim.


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ