Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 5:36 - Mukaddes Kitap

36 Ýaňy-ýakynda özüni beýik adam saýýan Teýuda gozgalaň turuzdy, dört ýüz adam onuň yzyna eýerdi. Emma ol öldürilenden soň, onuň yzyna eýerenleriň hemmesi dargap gitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Яңы-якында өзүни бейик адам сайян Теюда гозгалаң турузды, дөрт йүз адам онуң ызына эерди. Эмма ол өлдүриленден соң, онуң ызына эеренлериң хеммеси даргап гитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 5:36
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“ diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“ diýseler-de, ynanmaň.


Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih“ diýip, ençeme adamlary aldarlar.


Mundan birnäçe wagt öň gozgalaň turzup, dört müň kellekeseri çöle alyp çykan müsürli sen dälmi?» diýdi.


Soňra Gamaliýel şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň.


Ine, şol şäherde öň jadygöýlik bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran we özüni beýik adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy.


Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!)


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Köp adamlar olaryň azgynçylykly ýörelgelerine eýererler, şolar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Onsoň perişde meni Mukaddes Ruh arkaly çöle äkitdi. Men ol ýerde gyp-gyzyl jandaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm. Bu jandaryň tutuş endamy Hudaýa dil ýetirýän atlardan doludy, onuň ýedi kellesi, on şahy bardy.


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ