Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 5:34 - Mukaddes Kitap

34 Emma hemmeler tarapyndan sylanýan fariseý we Töwrady öwrediji Gamaliýel atly bir agza ýerinden turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy. Ol baş mejlisde hemmeler tarapyndan sylanýan Töwrady öwredijidi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Эмма хеммелер тарапындан сыланян фарисей ве Төврады өвредиҗи Гамалиел атлы бир агза еринден туруп, ресуллары бирсалым дашары чыкармагы буюрды. Ол баш меҗлисде хеммелер тарапындан сыланян Төврады өвредиҗиди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 5:34
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler.


Onsoň ýurduň birnäçe ýaşulusy öňe çykyp, ol ýerde ýygnanan halka şeýle diýdi:


Elnatan, Delaýa we Gemarýa patyşadan golýazmany ýakmazlygyny ýalbaryp haýyş etseler-de, patyşa olara gulak asmady.


Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi.


Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Şeýlelikde, olara ýokary mejlisden daşary çykmagy buýurdylar-da, özara maslahata başladylar:


Resullar muny eşidenlerinde, gün dogan badyna ybadathana gelip, halka öwretmäge başladylar. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, ýokary mejlisi we ysraýyl halkynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar. Onsoň zyndandan resullary getirmäge adam ýolladylar.


Olary getirip, ýokary mejlisiň öňünde duruzdylar. Baş ruhany olary sorag edip:


Soňra Gamaliýel şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ