Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 5:28 - Mukaddes Kitap

28 «Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 «Биз сизе шу ат билен вагыз этмәң дийип, берк табшырык бермәнмидик? Сиз болса өз таглыматыңыз билен бүтин Иерусалими долдурдыңыз. Бу адамың ганыны хем бизиң үстүмизе йүклеҗек болярсыңыз» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 5:28
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!


Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.


Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».


Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.


Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ