Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.
«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.
Şonda Baruk ýokarky howluda, Rebbiň öýüniň Täze derwezesiniň girelgesinde ýerleşýän Şapanyň ogly kätip Gemarýanyň otagynda Ýermeýanyň sözlerini ähli halka eşitdirip okady.
Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.
Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.
Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.