Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 5:14 - Mukaddes Kitap

14 Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Муңа гарамаздан, Реб Иса иман эденлере гошулан эркекдир аялларың саны барха артярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 5:14
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal-erkek diýmän, ysraýyl halkynyň hersine bir çörek, bir bölek et hem-de kişmiş paýlady. Şondan soň tutuş jemagat öýüne dargady.


Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.


Şeýdip, ýedinji aýyň birinji güni Ezra Töwradyny halkyň öňüne getirdi. Diňläp, erkeklerdir aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň hemmesi ol ýerdedi.


Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler.


Olar: «Dogrulyk hem kuwwat ýalňyz Rebdedir» diýerler. Oňa gazap bildirenleriň ählisi huzuryna gelip, utanarlar.


Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi.


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.


„Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym.


Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi.


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.


Lidada we Şaron düzlüginde ýaşaýanlaryň hemmesi Eneýi görüp, Rebbi iman etdiler.


Bu habar bütin Ýafo ýaýrap, köp adam Reb Isa iman etdi.


Isa Mesih bilen şeýtanyň arasynda ylalaşyk, heý-de, bolup biljek zatmy? Imanly bilen imansyzyň näme şärikligi bar?


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ