Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 4:36 - Mukaddes Kitap

36 Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Иманлыларың арасында левилерден болан Юсуп атлы бир адам барды. Онуң аслы Кипрденди. Ресуллар оңа Барнап, ягны «Рухландырыҗы» дийип ат гоюпдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 4:36
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar),


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler.


Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.


Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.


Mark diýlip atlandyrylýan Ýohannany-da Barnap özleri bilen äkitmek isleýärdi.


Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi.


Kaýsariýadan şägirtleriň birnäçesi hem biziň bilen bile gaýtdylar. Olar bizi Minason diýen adamyň öýüne getirdiler, biz onuňkyda galmalydyk. Minason kiprli bolup, ilkibaşdaky şägirtleriň biridi.


Kipre golaýlanymyzda, onuň günortasyndan geçip, Siriýa tarap ýüzdük. Soňra Sura baryp ýetdik, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi.


Ol ýerden ýene deňziň üsti bilen gitdik. Şemalyň garşymyzdandygy sebäpli Kipr adasynyň demirgazyk tarapyndan, ony penalap, ýüzüp geçdik.


Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi.


Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.


Ýa-da men bilen Barnabyň imanlylardan maddy kömegini almaga hakymyz ýokmy?


Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi.


Onuň bilen birlikde beýleki ýahudylar hem ikiýüzlülige ýüz urdular, hatda Barnap hem olaryň ikiýüzlüliginden ýaňa dogry ýoldan azaşdy.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ