Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 4:31 - Mukaddes Kitap

31 Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Дога-дилег эдип боланларындан соң, оларың үйшүп дуран ери сарсды. Хеммелер Мукаддес Рухдан долуп, батыргайлык билен Худайың Хош Хабарыны айтмага башладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 4:31
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Imanyňyz bar bolsa, doga-dileg edeniňizde, näme dileseňiz, alarsyňyz» diýip jogap berdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler.


Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady.


Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.


Birdenkä asmandan güýçli şemalyň sesine meňzeş şuwwuldy peýda bolup, olaryň oturan öýüniň içini doldurdy.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


Ýa Reb, olaryň haýbat atyşlaryny bir görsene! Indi Seniň Hoş Habaryňy batyrgaýlyk bilen aýtmaga biz gullaryňa güýç-gaýrat ber.


Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler.


Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ