Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 4:28 - Mukaddes Kitap

28 Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Олар Сениң гудратың ве ырадаң билен овалдан карара гелен хер бир ишиңи хакыката өвүрмек үчин йыгнандылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 4:28
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi.


Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.


Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.


Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.


Rebbiň Ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!»


Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer, emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ