Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 4:17 - Mukaddes Kitap

17 Emma bu habar halk arasynda has-da köp ýaýramaz ýaly öňüni alalyň we mundan beýläk Isanyň ady bilen hiç kime hiç zat aýtmazlyklary üçin, olara duýduryş bereliň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эмма бу хабар халк арасында хас-да көп яйрамаз ялы өңүни алалың ве мундан бейләк Исаның ады билен хич киме хич зат айтмазлыклары үчин, олара дуйдурыш берелиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 4:17
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.


Şonuň üçin üç günläp mazaryň gorag astynda saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi“ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden-de beter bolar» diýdiler.


şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.


Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar.


Mejlis agzalary olara iň soňky duýduryş berenden soň, olary boşadyp goýberdiler. Olary jezalandyrmak üçin hiç hili bahana tapyp bilmediler, sebäbi bolan wakany ähli halk bilip, Hudaýy şöhratlandyrýardy.


Ybadathana goragçylarynyň baştutany, ýolbaşçy ruhanylar bu sözleri eşidenlerinde: «Bu näme boldugyka?» diýşip, aljyraňňylyga düşdüler.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär.


Rebbiň Hoş Habary sizden ähli ýere, hatda Makedoniýa bilen Ahaýadan uzak ýerlere hem ýaň saldy. Siziň Hudaýa bolan imanyňyz baradaky gürrüň ähli ýere ýaýrady. Bize ol barada aýdara-da zat galmady.


Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ