5 Emma Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi.
5 Эмма Павлус элини силкип, йыланы одуң ичине зыңды, хич бир зыян хем гөрмеди.
Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.
Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».
Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez.
Adamlar onuň çişmegine ýa-da birdenkä ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Emma köp garaşyp, oňa hiç zat bolmandygyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol hudaýdyr!» diýişdiler.
Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!