Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ерли халк онуң элинден йыланың салланып дуршуны гөренде, бири-бирине: «Бу адам ганхор болса герек, ол деңизден халас болса-да, такдыры оны яшамага гоймады» дийишдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.


Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim.


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.


Isa şeýle jogap berdi: «Şeýle ejir çeken bu jelilelileri beýleki ähli jelilelilerden has köp günäli hasaplaýarsyňyzmy?


Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi?


Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.


Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.


Pawlus bir üýşmek odun çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy.


Emma Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ