Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:31 - Mukaddes Kitap

31 Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Ол батыргайлык билен ве хич бир бөкденчсиз Худайың Шалыгыны вагыз эдип, Реббимиз Иса Месих барада өвретди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:31
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Ýahýa tussag edilenden soňra, Isa Jelilä gelip, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdi.


Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady.


Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi.


Men araňyzda bolup, Hudaýyň Şalygyny wagyz etdim. Indi siziň hiç biriňiziň mundan beýläk meni görmejekdigiňizi bilýärin.


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Pawlus kireýine alan jaýynda tutuş iki ýyl ýaşady we ýanyna gelenleriň hemmesini kabul etdi.


Ýa Reb, olaryň haýbat atyşlaryny bir görsene! Indi Seniň Hoş Habaryňy batyrgaýlyk bilen aýtmaga biz gullaryňa güýç-gaýrat ber.


Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ