Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:30 - Mukaddes Kitap

30 Pawlus kireýine alan jaýynda tutuş iki ýyl ýaşady we ýanyna gelenleriň hemmesini kabul etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Павлус кирейине алан җайында тутуш ики йыл яшады ве янына геленлериң хеммесини кабул этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:30
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.


Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.


Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, görersiňiz» diýdi. Şeýdip, olar Isa bilen gidip, Onuň nirede ýaşaýandygyny gördüler, şol wagt öýlän sagat dört töweregidi. Olar şol gün Onuň ýanynda galdylar.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.


Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.


Onsoň, Hudaý ýol berse, ýanyňyza şatlyk bilen baryp, siziň bilen biraz dynç alaryn.


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys.


Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy.


Tersine, Rime gelip, tä meni tapýança, erjellik bilen gözledi.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ