Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:28 - Mukaddes Kitap

28 Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Шонуң үчин инди шуны билип гоюң: Худайың халас болмак барадакы Хош Хабары яхуды дәллере иберилди. Олар гулак асарлар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:28
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Men muny siziň hatyraňyza etmeýärin – Hökmürowan Reb diýýär – muny bilip goýuň. Eý, ysraýyl halky, tutan ýollaryňyzdan utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn!»


Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».


Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.


Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar. Bu Musanyň kanuny boýunça mümkin däldi.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.


Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn, Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin. Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň.


Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Onda şeýle sorag ýüze çykýar: eýsem ýahudylar gaýdyp galmaz ýaly ýykylaýdylarmyka? Elbetde, ýok! Hawa, olar Isa Mesihi ret etdiler, ýöne olaryň bu günäsi beýleki milletleriň halas edilmegine sebäp boldy. Beýleki milletleriň halas edilmegi bolsa ýahudylaryň gabanjaňlygyny oýarmalydy.


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ