Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:26 - Mukaddes Kitap

26 „Bar-da, bu halka şeýle diý: Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 „Бар-да, бу халка шейле дий: Эшидип дурсаңыз-да, хич дүшүнмерсиңиз, середип дурсаңыз-да, хич аңламарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:26
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.


Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».


Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:


«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.


Şeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».


Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!


Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.


Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar.


Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr:


Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ