Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:23 - Mukaddes Kitap

23 Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Шейлеликде, олар Павлус билен душушык гүнүни беллешдилер. Шол гүн онуң болян ерине җуда көп адам гелди. Павлус эртирден агшама ченли олара Худайың Шалыгыны дүшүндирип, вагыз этди. Мундан башга-да олары ынандырып, Төврат билен пыгамберлериң язгыларындан Иса догрусында ынандырыҗы делиллер гетирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:23
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi.


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.


Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi.


Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.


Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy.


Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.


Edil şu wagt hem Hudaýyň ata-babalarymyza beren wadasyna umyt baglaýandygym üçin kazyýetde durun.


Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.


Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.


Ýene bir haýyş: meni myhman alar ýaly bir otagy taýynlap goý, sebäbi Hudaý doga-dilegleriňizi eşidip, meni ýene ýanyňyza gaýtarar diýen umydym bar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ