Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:20 - Mukaddes Kitap

20 Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шу себәпден мен сизиң билен гөршүп, сөхбет этмек үчин, сизи бу ере чагырдым. Аслында мен Ысрайылың умыды болан Месих угрунда зынҗырландым».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:20
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Şonuň üçin hem çagyrylanymda, ikirjiňlenmän gaýtdym. Indi meni näme üçin çagyrandygyňyzy sorap bilerinmi?» diýdi.


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy.


Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn.


Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.


Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy.


Men Pawlus bu salamy öz elim bilen ýazýaryn. Meniň tussaglykdadygymy ýatdan çykarmaň. Hudaýyň merhemeti size ýar bolsun!


şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn.


Hoş Habar ugrunda tussag edilen döwrümde seniň ýeriňe maňa hyzmat etsin diýip, ilki ony öz ýanymda alyp galmakçydym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ