Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:16 - Mukaddes Kitap

16 Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Биз Риме геленимизден соң, Павлуса бир эсгериң гөзегчилиги астында өзбашдак яшамага ругсат берилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:16
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onunjy güni şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.


Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.


Janpenalaryň baştutany Ýermeýany ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Bu ýurduň üstünden betbagtlyk inderjekdigi hakynda Hudaýyň Reb aýdypdy.


Ol ýerde Pawlus Akila atly bir ýahudy bilen tanyşdy. Akila asly Pontusly bolup, aýaly Priskilla bilen ýaňy-ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý hemme ýahudylaryň Rimden çykmaklary barada perman çykarypdy. Pawlus bu maşgalany görmäge gitdi.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy.


Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi.


Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Gören aýalyň bolsa ýer ýüzüniň patyşalaryna hökmürowanlyk edýän beýik şäherdir!»


Bulara düşünmek üçin paýhas we danalyk gerek. Ýedi kelle – bu aýalyň oturan ýedi dagyny we ýedi patyşany aňladýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ