Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 28:15 - Mukaddes Kitap

15 Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Римдәки доганлар бизиң гелендигимизи эшидип, бизи гаршыламак үчин ол ерден Аппиюс базарына ве Үч кервенсарай диен оба ченли гелдилер. Павлус олары гөренде, Худая шүкүр эдип, ене гайрата галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 28:15
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewiler neslinden bolan doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener.


Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Petrus olary öýe çagyryp myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafoly doganlaryň-da käbiri onuň bilen gitdi.


Petrus öýe girende, Korneliý onuň öňünden çykdy-da, aýagyna ýykylyp, oňa tagzym etdi.


Resullar we ýahudyýaly doganlar keseki milletleriň-de Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendiklerini eşitdiler.


Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk.


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik.


Ol ýerde birnäçe doganlary tapdyk. Olar bizden ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler we biz ol ýerde iki hepde galdyk. Şondan soň biz Rime geldik.


Ispaniýa barýarkam ýanyňyza sowlup geçerin. Az salymlyk bolsa-da, siziň bilen didarlaşanymdan soň, ýol şaýymy tutup, meni ýola salarsyňyz diýen umydym bar.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.


Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, ähli muşakgatlarymyza we yzarlanmalara garamazdan, siziň imanyňyzdan teselli tapdyk.


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ