12 Biz Sirakus şäherine baryp, ol ýerde üç gün galdyk.
12 Биз Сиракус шәхерине барып, ол ерде үч гүн галдык.
Biz ýolumyzy Surdan dowam etdirip, Ptolemeý şäherine geldik. Ol ýerdäki doganlaryňka görme-görşe baryp, bir gün olaryň ýanynda galdyk.
Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy.
Üç aýdan soň, biz Ekiz hudaýlar atly gämi bilen deňze çykdyk. Bu gämi Isgenderiýadan gelip, gyşda şol adada galypdy.
Ol ýerden aýlanyp, Regiýa gelip ýetdik. Ertesi gün günorta şemaly öwsüp başlady. Munuň kömegi bilen iki günde Puteýol şäherine ýetdik.