Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.
Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.
«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.
Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.