Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 27:35 - Mukaddes Kitap

35 Pawlus bu sözleri aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Павлус бу сөзлери айдып, элине чөрек алды, хеммәниң өңүнде Худая шүкүр этди-де, бөлүп иймәге башлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 27:35
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar.


Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.


Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler.


Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.


Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär.


Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Kim mesihi bolup ejir çekýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn.


Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ