Deňizçiler gaýygy ýokary çekip aldylar we gämi pytrap gitmesin diýip, daşyndan tanap bilen berk bagladylar. Olar Sirtiň çägeli saýlaryna batmakdan gorkup, gäminiň tizligini peseltmek üçin ýelkeni aşak düşürdiler. Şeýdip, gämini şemalyň ugruna goýberdiler.