Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 27:24 - Mukaddes Kitap

24 Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ол: „Горкма, Павлус! Сен императорың өңүнде дурмалысың. Сен себәпли гәмиде барянларың хеммесини Худай аман саклар“ дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 27:24
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.


Laban oňa: «Men saňa bir zat aýdaýyn. Men Rebbiň özümi sen sebäpli bereketli edendigini pal üsti bilen bildim.


Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.


Şondan soň Reb Ýusubyň hatyrasy üçin bu müsürliniň bütin hojalygyna we onuň öýündäki hem meýdandaky ähli mal-mülküne bereket berdi.


Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn.


Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň.


Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi.


Pisligiň özüň ýaly adamlara täsiri ýetýär, dogruçyllygyň beýleki ynsanlar üçindir.


Soňra Danyýel patyşanyň Babylyň akyldarlaryny öldürmek üçin bellän adamy Arýogyň ýanyna bardy. Danyýel oňa: «Babylyň akyldarlaryna degme. Meni patyşanyň huzuryna elt, men onuň gören düýşüni ýorup berjek» diýdi.


Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.


Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Isa olara: «Gündiz on iki sagatdan ybarat dälmi? Kim gündiz ýörese büdremez, sebäbi ol bu dünýäniň nuruny görýändir.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi.


Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi.


Gämide biziň jemimiz iki ýüz ýetmiş alty adamdy.


Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmekçi boldular.


galanlary hem tagtalar ýa-da gäminiň döwükleri bilen çyksynlar diýip buýruk berdi. Şeýlelikde, ählisi sag-aman gury ýere çykdy.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Ýene bir haýyş: meni myhman alar ýaly bir otagy taýynlap goý, sebäbi Hudaý doga-dilegleriňizi eşidip, meni ýene ýanyňyza gaýtarar diýen umydym bar.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ