Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 26:17 - Mukaddes Kitap

17 Seni öz halkyňyň we keseki milletleriň elinden azat ederin. Keseki milletleriň gözlerini açaryň ýaly, Men seni olaryň arasyna ibererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Сени өз халкыңың ве кесеки миллетлериң элинден азат эдерин. Кесеки миллетлериң гөзлерини ачарың ялы, Мен сени оларың арасына иберерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 26:17
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýene-de aýdyň: «Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi azat et-de, toplap al.


Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Men seni düşnüksiz gepleýän we dili kyn millete däl-de, ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Häkimler gelip, olardan ötünç soradylar we zyndandan alyp çykdylar. Soňra olara şäherden gitmeklerini haýyş etdiler.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar.


Men seniň bilendirin, hiç kim saňa azar bermez, ýamanlyk etmez, sebäbi bu şäherde Meniň halkymyň sany köpdür».


Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler.


Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Indi bolsa size, ýagny ýahudy dällere ýüzlenýärin. Hudaý meni resullyga belläp, size Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Men muňa diýseň buýsanýaryn.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.


Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we öwredijisi edilip bellendim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ