Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 25:3 - Mukaddes Kitap

3 Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Фестусдан өзлерине бир ягшылык этмегини сорап, Павлусы Иерусалиме гетирмеги үчин ялбардылар. Аслында олар букы гуруп, ёлда Павлусы өлдүрмегиң ниетиндедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 25:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erbet adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma, onuň ýurduny ýykma.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Ýöne olaryň dildüwşügi Şawula belli boldy. Olar ony öldürmek üçin gije-gündiz şäher derwezelerini garawullaýardylar.


Ýagşylygy artdyrmak üçin, belki, biz ýamanlyk etmelidiris? Elbetde, ýok! Ýöne käbir adamlar men hut şeýle zatlary öwredýärmişim diýip, maňa töhmet baryny ýapýarlar. Şeýle töhmetçiler öz edenlerine laýyk jeza alarlar.


Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ