Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 25:25 - Mukaddes Kitap

25 Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Эмма мениң пикиримче, ол өлүме лайык иш этмәндир. Эмма өзүниң давасы барада императора арз эдендиги үчин, оны Риме ёлламак карарына гелдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 25:25
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler.


olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady.


Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi.


Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady. Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.


Men ony özleriniň dini kanuny bilen bagly meselelerde aýyplaýandyklaryny bildim, emma onda ölüme ýa-da tussag etmäge laýyk hiç hili esas ýokdur.


Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler.


Ol hakda onuň alyjenabyna ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý, Agrip şa, seniň huzuryňa çykardym. Bu meselä seredenimizden soň, munuň netijesinde ýazmaga bir zatlar tapmagym ahmal.


Olar çykyp barýarkalar, özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga laýyk hiç iş etmändir» diýişdiler.


Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar.


Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, sebäbi meni öldürmäge hiç bir esas tapmadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ