Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 25:23 - Mukaddes Kitap

23 Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эртеси гүн Агрип ве Берник дабаралы ягдайда гелип, мүңбашылардыр шәхериң атлы-абрайлы адамлары билен бирликде меҗлислер отагына гирдилер. Фестусың буйругы боюнча Павлусы гетирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 25:23
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýüz segsen günläp patyşalygynyň egsilmez baýlyklaryny, öz belent mertebesini we şöhratyny görkezdi.


Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.


Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi ölüler dünýäsine inderildi; astyňa gurtlar düşeldi, üstüň gurçuklara büreldi.


Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler,


Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.


Babyl gerçekleri milletleriň iň elhenjidir, olaryň gylyjy bilen goşunyňy heläk ederin. Olar Müsüriň buýsanjynyň ýoguna ýanarlar, onuň bütin goşuny heläk bolar.


Men ýurdy harabaçylyga öwrerin we weýran ederin, onuň kuwwatynyň buýsanjy tamam bolar; Ysraýylyň daglary çolaryp galar, olardan geçen bolmaz.


Ysraýyllaryň öýlerini eýelär ýaly, Men milletleriň iň ýamanyny getirerin. Men güýçlüleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn, olaryň mukaddes ýerleri murdar bolar.


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy.


Ine, bellenen gün Hirod patyşalyk lybasyny geýip, tagtynda oturdy we halka ýüzlenip, söz sözledi.


Birnäçe gün geçenden soň, Agrip patyşa öz uýasy Bernik bilen Festusy gutlamak üçin, Kaýsariýa geldi.


Şundan soň Agrip şa, Festus häkim, Bernik we olar bilen oturanlar ýerlerinden turdular.


Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder.


Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr.


Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.


Çünki: «Ähli ynsan otluk kimindir, onuň bar görki meýdan güli kimindir. Ot gurap gider, güli hem solar,


Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ