Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 25:11 - Mukaddes Kitap

11 Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мен яманлык эден болсам я-да өлүме лайык бир иш эден болсам, өлүмден гачмаярын. Эгер бу адамларың маңа гаршы айыпламалары ялан болса, мени оларың элине табшырмага хич кимиң хакы ёкдур. Мен давамы императора арз эдйәрин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 25:11
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

kömekçilerimiň tarapymy çaljagyna gözüm ýetip, ýetime el galdyran bolsam,


Ýermeýa ýene-de Sidkiýa patyşa şeýle diýdi: «Meni tussaghana salar ýaly, men saňa, hyzmatkärleriňdir bu halka garşy näme günä etdim?


Emma Pawlus olara: «Rim raýatydygymyza garamazdan, bizi halkyň öňünde bikanun ýençdiler, zyndana taşladylar. Näme üçin indi bizi ogrynça boşadyp goýberjek bolýarlar? Bu bolmaz! Goý, bizi zyndandan özleri gelip çykarsynlar» diýdi.


Pawlus ýaňy söze başlamakçy bolup durka, Galiýo ýahudylara ýüzlenip: «Eý, ýahudylar! Eger dawaňyz bir adalatsyzlyk ýa agyr jenaýat hakda bolan bolsady, sizi sabyrlylyk bilen diňlemegi makul bilerdim.


Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady.


Emma Pawlus: «Men imperatoryň kazylyk kürsüsiniň öňünde durun, maňa şu ýerde kazylyk edilmelidir. Men ýahudylara garşy hiç bir ýamanlyk eden däldirin, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň.


Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaň barada imperatora arz etdiň, imperatoryň ýanyna-da gidersiň» diýdi.


Emma Pawlus dawasyny imperatoryň çözmegini, oňa çenli tussaglykda bolmagyny isledi. Şonuň üçin ony imperatoryň ýanyna ýollaýançam, tussaglykda saklamagy buýurdym».


Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim.


Agrip Festusa: «Bu adam dawasyny imperatora arz etmedik bolsady, ony azat edip bolardy» diýdi.


Emma ýahudylar garşy çykanlarynda, men dawamy imperatora arz etmäge mejbur boldum. Beýtmek bilen men öz halkymy aýyplamakçy däldirin.


Ýahudylar pygamberleri we Reb Isany öldürdiler, bizi bolsa gysyp çykardylar. Olar başga milletleriň-de halas bolmagy üçin wagyz edilýän Hoş Habara böwet bolmakçy bolýarlar. Ýahudylar Hudaýy närazy edip, hemme adamlara garşy çykýarlar. Şunlukda, olaryň günäleri hetden aşyp barýar. Hudaýyň gazaby eýýäm olaryň başyndan inendir.


«Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Reb hudaýlaryň Hudaýydyr! Ol bilýändir, goý, ysraýyl halky hem bilsin: eger biz Rebbe boýun egmezlik ýa-da dönüklik eden bolsak, siziň bu gün bize rehimiňiz inmesin!


Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ