Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 24:22 - Mukaddes Kitap

22 «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 «Исаның Ёлы» атлы топар догрусында хас такык маглуматы болан Феликс иши соңа гоюп: «Даваңыз хакда мүңбашы Лисияс геленден соң карар чыкарарын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 24:22
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Hirod müneçjimleri gizlin çagyryp, olardan ýyldyzyň haçan görnendigi barada jikme-jik sorady.


Adamlar Pawlusdan öz ýanlarynda köpräk galmagyny haýyş etdiler, emma Pawlus razy bolmady.


Bu günki wakalar zerarly, bizi gozgalaň turuzmakda aýyplamaklary ahmal. Bizde bu toplanyşygy aklap biljek hiç bir delil ýok». Ol şeýle diýdi-de, üýşen mähelläni dargadyp goýberdi.


Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin.


Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.


Birnäçe günden soň bolsa, Feliks öz ýahudy aýaly Drusilla bilen geldi-de, Pawlusy çagyrtdy we Isa Mesihe bolan iman hakdaky onuň gürrüňlerini diňledi.


Ol hatda ybadathanany-da harama çykarmaga synanyşdy. Seniň özüň hem bu adamy soraga çekip, biziň ony nämede aýyplaýandygymyzy onuň özünden anyklap bilersiň».


Ol hakda onuň alyjenabyna ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý, Agrip şa, seniň huzuryňa çykardym. Bu meselä seredenimizden soň, munuň netijesinde ýazmaga bir zatlar tapmagym ahmal.


Senem ýahudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden oňat baş çykarýarsyň ahyry. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Kazylar gowy edip derňew geçirsinler. Eger şaýat adam ýalan güwälik berip, başga biriniň garşysyna ýalan sözleýän bolsa,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ