Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 24:14 - Mukaddes Kitap

14 Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эмма саңа шуны ыкрар этмек билен оларың „галп таглымат“ дийип атландырян „Исаның Ёлы“ топарына дегишлидигими мәлим эдйәрин. Мен ата-бабаларымызың Худайына сежде эдйәрин. Төвратда ве пыгамберлериң язгыларында язылан хер бир сөзе ынанярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 24:14
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň, biziň ata-babalarymyzyň Hudaýy, Öz halkyňyň kalbynda şeýle niýetleri baky sakla, olaryň kalbyny Özüňe tarap öwür.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Samariýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.


Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň, ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.


Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».


Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.


Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär.


Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär.


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.


Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler.


Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy.


Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi.


Hanany maňa: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy seni saýlady. Ol muny Onuň islegini bilmegiň, Dogry Bolany görüp, owazyny eşitmegiň üçin etdi.


«Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi.


Emma şu güne çenli Hudaý maňa medet berdi. Şonuň saýasynda uludan-kiçä, hemmelere şaýatlyk edip gelýärin. Boljak zatlary öňden habar beren pygamberleriň we Musanyň aýdanlaryndan başga hiç zat öwreden däldirin.


Agrip şa! Sen pygamberlere ynanýarsyňmy? Ynanýandygyňy bilýärin-ä» diýdi.


Ýaşlygymdan başlap, ilki öz halkymyň arasynda, şeýle hem Iýerusalimde geçiren durmuşymy ähli ýahudylar bilýändirler.


Edil şu wagt hem Hudaýyň ata-babalarymyza beren wadasyna umyt baglaýandygym üçin kazyýetde durun.


Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň haça çüýlän Isaňyzy direltdi.


„Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“. Musa gorkusyndan titräp başlady we seretmäge ýürek etmedi.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Ýöne indi Hudaý aklanmanyň Kanuna dahylsyz ýoluny görkezdi. Bu ýol barada Töwrat we pygamberleriň ýazgylary hem şaýatlyk edýär.


Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


Men hem ata-babalarym ýaly Hudaýa päk wyždandan hyzmat edýärin. Doga-dileglerimde seni gije-gündiz dyngysyz ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.


Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur.


Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ