Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 23:35 - Mukaddes Kitap

35 «Seni aýyplaýjylar gelensoň diňlärin» diýdi. Soňra Pawlusyň Hirodyň köşgünde gözegçilik astynda saklanmalydygy barada buýruk berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 «Сени айыплайҗылар геленсоң диңләрин» дийди. Соңра Павлусың Хиродың көшгүнде гөзегчилик астында сакланмалыдыгы барада буйрук берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 23:35
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi.


Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler.


Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.


Bu adama kast ediljek bolýandygy baradaky habary alanymda bolsa, ony şobada seniň ýanyňa ibermegi karar etdim. Ony aýyplaýanlara-da öz şikaýatlaryny saňa mälim etmeklerini buýurdym».


Bäş günden soň baş ruhany Hanany birnäçe ýaşulular we Tertul atly garalawjy bilen Kaýsariýa geldi. Olar Pawlusa garşy şikaýatlaryny häkime ýetirmekçidiler


Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin.


Emma ol ýerde Aziýa welaýatyndan gelen käbir ýahudylar bardy. Olaryň maňa garşy şikaýatlary bar bolsa, olaryň özleriniň şu ýere gelip, meni seniň huzuryňda aýyplamaklary gerekdir.


«Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi.


Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy.


Men olara: „Rimlileriň adaty boýunça hiç kim sorag edilmezden jezalandyrmak üçin şikaýatçynyň eline tabşyrylmaýar. Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirip, oňa ýöňkelýän aýyp babatda özüni goramaga mümkinçilik berilýär“ diýip jogap berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ