31 Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler.
31 Эсгерлер өзлерине буйрулышы ялы, Павлусы алып, гиҗе Антипатрисе гетирдилер.
Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».
Bu adama kast ediljek bolýandygy baradaky habary alanymda bolsa, ony şobada seniň ýanyňa ibermegi karar etdim. Ony aýyplaýanlara-da öz şikaýatlaryny saňa mälim etmeklerini buýurdym».
Ertesi gün atly esgerler Pawlus bilen bile ýollaryny dowam etdirdiler, beýlekiler bolsa gala dolandylar.