Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 22:30 - Mukaddes Kitap

30 Müňbaşy ertesi gün ýahudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandyklaryny takyk bilmek isledi. Şonuň üçin Pawlusy azat edip, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýokary mejlisiň ýygnanmagyny buýurdy. Onsoň Pawlusy olaryň huzuryna alyp geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Мүңбашы эртеси гүн яхудыларың Павлусы нәмеде айыплаяндыкларыны такык билмек иследи. Шонуң үчин Павлусы азат эдип, ёлбашчы руханылар билен ёкары меҗлисиң йыгнанмагыны буюрды. Онсоң Павлусы оларың хузурына алып гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 22:30
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler.


Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm.


Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Şeýlelikde, siz ýokary mejlis bilen bilelikde müňbaşydan Pawlusy yzyna getirmegi haýyş ediň. Ol hakdaky maglumatlary doly öwrenmek isleýäris diýen boluň. Pawlus bu ýere gelip ýetmänkä, biz ony ýolda öldürmäge taýyn» diýdiler.


Ol şeýle jogap berdi: «Ýahudylar we ýokary mejlis bilelikde Pawlus hakdaky maglumatlary doly öwrenmek bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler.


Onuň näme aýybynyň bardygyny bilmek üçin, ony ýahudylaryň ýokary mejlisine alyp geldim.


Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy.


Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.


Resullar muny eşidenlerinde, gün dogan badyna ybadathana gelip, halka öwretmäge başladylar. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, ýokary mejlisi we ysraýyl halkynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar. Onsoň zyndandan resullary getirmäge adam ýolladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ