Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 21:40 - Mukaddes Kitap

40 Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Мүңбашы Павлуса ругсат беренде, ол басганчагың үстүнде дуруп, халка юваш болмагы эли билен ышарат этди. Адамлар үмсүм болансоң, Павлус олара арамей дилинде йүзленип, сөзе башлады:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 21:40
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşasyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.


Onuň depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy.


Pilat bu sözleri eşidip, Isany daşary alyp çykdy we Daş seki diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy. Bu ýeriň arameýçe ady Gabbatady.


Esgerler Isany alyp gitdiler. Isa haçyny Özi göterip, Kelleçanak diýilýän ýere geldi. Bu ýeriň arameýçe ady Golgotady.


Isanyň haça çüýlenen ýeriniň şähere golaýdygy üçin, ýazgyny köp ýahudylar okadylar. Ol ýewreýçe, grekçe we latynça ýazylypdy.


Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda bir howuz bardy. Bu howzuň arameýçe ady Beýtzata bolup, onuň töwereginde bäş eýwan bardy.


Bu waka bütin Iýerusalim ilatyna mälim boldy we adamlar ol ýeri öz dillerinde «Hakeldama», ýagny «Gan meýdany» diýip atlandyrdylar.)


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Şeýlelikde, Pawlus ýerinden turup, olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Soňra ol söze başlady: «Eý, ysraýyllylar we Hudaýa sežde edýän keseki halklar, maňa gulak asyň!


Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.


Pawlus basgançaga gelende, mähelle ony gysyp-gowrup barýardy. Şonuň üçin esgerler ony göterip äkitmeli boldular.


Adamlar onuň arameýçe gepleýändigini eşidip, seslerine suw sepilen ýaly boldular. Pawlus sözüni dowam etdi:


Hemmämiz ýere ýykyldyk. Bir sesiň maňa arameý dilinde: „Şawul, Şawul! Näme üçin Meni yzarlap, azar berýärsiň? Tekepbirligiň bilen özüňe zeper ýetirmäňi bes et“ diýenini eşitdim.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Onsoň erbet ruhlar patyşalary ýewreýçe «Armageddon» diýilýän ýere üýşürdiler.


Olara düýpsüz dowzahyň perişdesi hökümdarlyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe bolsa Apolliýondyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ