Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 21:33 - Mukaddes Kitap

33 Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Шол вагт мүңбашы голай гелип, Павлусы туссаг этди ве гоша зынҗырлар билен багламагы буюрды. Соңра ол: «Бу адам ким? Ол нәме этди?» дийип сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 21:33
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler.


Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar.


Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.


Ony soraga çekjek bolup duranlar şobada onuň ýanyndan çekildiler. Müňbaşy hem Pawlusyň Rim raýatydygyny bilende, onuň elini-aýagyny bagladany üçin gorkdy.


Müňbaşy ertesi gün ýahudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandyklaryny takyk bilmek isledi. Şonuň üçin Pawlusy azat edip, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýokary mejlisiň ýygnanmagyny buýurdy. Onsoň Pawlusy olaryň huzuryna alyp geldi.


Men olara: „Rimlileriň adaty boýunça hiç kim sorag edilmezden jezalandyrmak üçin şikaýatçynyň eline tabşyrylmaýar. Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirip, oňa ýöňkelýän aýyp babatda özüni goramaga mümkinçilik berilýär“ diýip jogap berdim.


Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.


Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Goý, Rebbimiz Onisiforyň öý-içersine rehimdarlyk etsin. Sebäbi ol ençeme gezek maňa göwünlik berip, meniň tussaglygymdan utanmady.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Olar: «Ýok, öldürmeris, biz seni diňe daňarys-da, piliştlileriň eline bereris» diýdiler. Ony iki sany täze tanap bilen daňdylar-da, gowakdan çykaryp alyp gitdiler.


Delila täze ýüp alyp, ony daňdy-da, oňa: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şol wagt piliştlilerden birnäçe adam şol otagda bukulyp otyrdylar. Şimşon ony-da ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady.


Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler.


Piliştli hanlar ol aýala entek guramadyk täzeje ýedi sany ýaý kirşini getirip berdiler. Ol şonuň bilen Şimşony daňdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ