Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 21:31 - Mukaddes Kitap

31 Pawlusy öldürjek bolup durkalar, Rim goşunynyň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Павлусы өлдүрҗек болуп дуркалар, Рим гошунының мүңбашысына бүтин Иерусалимиң аяга галандыгы барадакы хабар гелип говушды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 21:31
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adonyýa bilen onuň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary iýip-içip bolanlaryndan soň muny eşitdiler. Ýowap surnaý sesini eşidip: «Şäherdäki bu şowhun nämekä?» diýdi.


Olar: «Baýram günlerinde tutmalyň, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.


Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler.


Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar.


Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy.


Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler.


Bu günki wakalar zerarly, bizi gozgalaň turuzmakda aýyplamaklary ahmal. Bizde bu toplanyşygy aklap biljek hiç bir delil ýok». Ol şeýle diýdi-de, üýşen mähelläni dargadyp goýberdi.


Mundan birnäçe wagt öň gozgalaň turzup, dört müň kellekeseri çöle alyp çykan müsürli sen dälmi?» diýdi.


Halk Pawlusy şu ýere çenli diňledi, emma bu sözi eşidenlerinde, batly ses bilen: «Bu adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Ol ýaşamaga mynasyp däl» diýip gygyrdy.


Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi.


«Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi.


Ol hatda ybadathanany-da harama çykarmaga synanyşdy. Seniň özüň hem bu adamy soraga çekip, biziň ony nämede aýyplaýandygymyzy onuň özünden anyklap bilersiň».


Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.


Şu sebäpden ýahudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ