Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 21:3 - Mukaddes Kitap

3 Kipre golaýlanymyzda, onuň günortasyndan geçip, Siriýa tarap ýüzdük. Soňra Sura baryp ýetdik, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Кипре голайланымызда, онуң гүнортасындан гечип, Сирия тарап йүздүк. Соңра Сура барып етдик, себәби гәми шол ерде йүкүни дүшүрмелиди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 21:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela


Çünki muşakgatlardan doludyr janym, ölüler dünýäsine golaýlandyr meň ömrüm.


Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi.


Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.


Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi.


Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.


Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.


Kaýsariýadan şägirtleriň birnäçesi hem biziň bilen bile gaýtdylar. Olar bizi Minason diýen adamyň öýüne getirdiler, biz onuňkyda galmalydyk. Minason kiprli bolup, ilkibaşdaky şägirtleriň biridi.


Onsoň Finikiýa barýan bir gämi tapyp mündük we deňze çykdyk.


Biz ýolumyzy Surdan dowam etdirip, Ptolemeý şäherine geldik. Ol ýerdäki doganlaryňka görme-görşe baryp, bir gün olaryň ýanynda galdyk.


Ol ýerden ýene deňziň üsti bilen gitdik. Şemalyň garşymyzdandygy sebäpli Kipr adasynyň demirgazyk tarapyndan, ony penalap, ýüzüp geçdik.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Siriýanyň, Sidonyň, Mowabyň, Ammonyň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Olar Rebbi terk edip, Oňa gulluk etmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ