Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 21:27 - Mukaddes Kitap

27 Bellenilen ýedi gün dolup barýardy. Aziýa welaýatyndan gelen ýahudylar Pawlusy ybadathanada gördüler. Olar tutuş halky öjükdirip, ony tutdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Белленилен еди гүн долуп барярды. Азия велаятындан гелен яхудылар Павлусы ыбадатханада гөрдүлер. Олар тутуш халкы өҗүкдирип, оны тутдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 21:27
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.


Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu düzgüni berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler.


Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn.


Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler.


Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Emma Salonikidäki ýahudylar Pawlusyň Beriýada Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edendigini bilenlerinde, ol ýere hem gitdiler. Olar halky öjükdirip, howsala saldylar.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.


Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum.


Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalime baranyma on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň.


Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy.


Şu sebäpden ýahudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular.


Olar Petrus bilen Ýohannany tutdular we agşam düşendigi sebäpli, olary ertire çenli zyndanda sakladylar.


Olar resullary tutup, şäher zyndanyna saldylar.


Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ