Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 21:24 - Mukaddes Kitap

24 Şol adamlary ýanyňa al-da, olar bilen bile tämizlenme dessuryna goşul we olaryň harçlaryny sen töle. Ondan soň olar saçlaryny syrdyrmaly. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda aýdylan myş-myşlaryň ýalandygyny, seniň-de Musanyň kanunyna uýup ýaşaýandygyňy bilerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шол адамлары яныңа ал-да, олар билен биле тәмизленме дессурына гошул ве оларың харчларыны сен төле. Ондан соң олар сачларыны сырдырмалы. Шейлеликде, хеммелер сен хакда айдылан мыш-мышларың яландыгыны, сениң-де Мусаның канунына уюп яшаяндыгыңы билерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 21:24
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.


Bütin älemde onuň deňi-taýy ýokdur, bu mahluk gorky-ürkini bilýän däldir.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular.


Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu düzgüni berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler.


Soňra nazyr Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Rebbe bagyş edilen saçyny syryp, salamatlyk gurbanlygynyň aşagynda ýanyp duran oda taşlasyn.


Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin.


Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn.


Ýahudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň tämizleniş dessurlaryny berjaý etmek üçin Iýerusalime gelipdiler.


Şol mahal Ýahýanyň şägirtleri bilen bir ýahudynyň arasynda ýuwnup-päkizlenme dessury barada jedel turdy.


Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.


Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.


Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy.


Ýahudylary gazanjak bolup, olar üçin ýahudy boldum. Men Mukaddes Kanunyň guly bolmasam-da, Mukaddes Kanuna görä ýaşaýanlary gazanjak bolup, Mukaddes Kanunyň guly boldum.


Petrus Ýakubyň iberen adamlary gelmezden ozal, keseki milletler bilen bir saçak başynda iýip-içýärdi. Emma şol adamlar gelende, Petrus sünnet edilmegi ündeýänlerden gorkup, keseki milletlerden çetleşip, olar bilen gatnaşygy kesdi.


Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň göwresinde galan gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol Ysraýyly piliştlileriň elinden halas eder» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ