15 Şol günlerden soň goşumyzy düwüp, Iýerusalime ýola düşdük.
15 Шол гүнлерден соң гошумызы дүвүп, Иерусалиме ёла дүшдүк.
Pawlus Kaýsariýa gelende, Iýerusalime gidip, imanlylar topary bilen görüşdi. Soňra Antiýoha gitdi.
Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.
Muny eşidenimizde, biz-de, ol ýerde ýaşaýanlar-da Iýerusalime gitmezligi üçin Pawlusa ýalbardyk.
Festus welaýata häkim bolup gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi.
Festus olaryň ýanynda sekiz-on gün bolup, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün ol kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy.
Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady.